iýilmek işlik

  1. Nahar edinilmek, naharlanylmak.

    • Çaý-çörek iýilýänçä garaňky düşer. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)

    • Nahar iýlip gutardy.

  2. Köp ulanylmak, könelmek zerarly ýonulyp inçelmek.

    • Motoryň zynjyry iýlipdir.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar i çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem iýilmek - iýler, iýlipdir.