Nahar bermek, naharlamak.
Üç ýaşly igli çagasyny ne oňly iýdirip bilýärdi, ne-de geýdirip bilýärdi. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)
Açlyk näme iýdirmez, dokluk näme diýdirmez. (nakyl)
Dänäni, miwäni we ş. m. mal-gara, mör-möjege, guş-gumra şam etmek, aldyrmak, zaýalatmak.
Aý näbileýin, ony hem syçana iýdiräýdiňmikäň öýtdüm. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Jik-jiki tikenli ýandaga gaharlanyp: -- Seni geçi agama iýdirmesem bolmaz -- diýip, uçup gidipdir. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)
Göwse, ýelne süýt inmek, süýt gelmek, süýt gelip başlamak.
Aýna iýdiren dünýäniň her emjegini üç-dört gezek güžžüldetdi-de, köşegini goýberdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Sygyr iýdiren badyna göläniň nogtasyndan çekip aýyrdy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Hakyňy gidermek, almaly puluňy hasaplap doly alman gidermek, hakyndan artyk zat bermek.