içmek1 işlik

Suwuk zady owurtlap ýuwutmak.

  • Garly ussa bir çäýnek gök çaý içdi. (A Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • El-ýüzüni bolsa pişik ýuwnuşyny edip ýuwdy-da, çaýyny içmäge oturdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

içmek2

Goýun derisinden ýüň tarapy içine edilip tikilýän daşky giýim, possun.

  • Artyk alaşasyny Aşyryň kakasy Sähet golaga tabşyryp, azygyny daýhanlaryň eşeklerine ýükledi-de, içmegini egnenine atyp, elkinçe gitdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Sen meniň içmegime sygman oturmagyma seretme! (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)