[içgi:n]
Birneme iç tarapda bolan.
Janypkeşlik bilen, çyn ýürekden, mähirli.
Aýnur eje olar bilen örän içgin gürleşdi. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)
Ol goşuny ýerde goýup, onuň bilen içgin salamlaşdy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Göçme manyda Ýakyndan, çuň, düýpli.
Partiýa guramalary bu mesele bilen içgin meşgul boldy. («Sowet Türkmenistany» gazeti)
Keminäniň durmuşy, döredijiligi öz döwrüniň sosial gatnaşyklary bilen içgin baglanyşyklydyr. («Edebiýat»)