Anatomiýa Göwrede aşgazanyň, içegäniň, böwregiň we ş. m. ýerleşen ýeri.
Gözüň agyrsa, eliňi çek, içiň agyrsa-damagyňy. (nakyl)
Bir zadyň tutýan göwrümi, ortasy, zat sygyp, ýerleşip bilýän ýeri.
Kömekçi söz rolunda.
Ol kabinetiň içinde iki ýana gezim etdi. («Sowet Türkmenistany» gazeti)
Ýüregiňdäki zatlaryň baryny aýtmak, bütin duýgularyňy beýan etmek, bir zat hakdaky pikiriňi doly aýtmak.
Durdy başga ýerde agzyna ykjam bolsa-da, Artyga içini dökdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Biri ýa-da bir zat barada pikir, alada edip, içiňden gürlemek daşyňa çykarmaň, öz-özüňden gürlemek.
Mährijemal içini gepledip, assa ýöräp, şol wagt top depip, oýna gyzan Kelçä ýakynlaşdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Edere iş tapman ýa-da ýekelikden ýaňa karar tapyp bilmezlik.
Diýleni ters etmek, gahar getirmek, jana degmek, gynandyrmak.
Sen beýdip meniň içimi ýakmada, ynanmaly zada ynanaý! (N. Pomma, Egri Eýikmez)
Ýaman ajykmak.
Bir zadyň içi zaýalanmak, harap bolmak.
Aslynda, gawun-garpyz hem bişenden soň içi düşýändir. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Etjegini içinde saklaýan, pikirini daşa çykarmaýan, içinden oýlanyp gören.
Birnäçe günläp iým ýa nahar iýmezlik.
Ol sygryň içi-içinden geçip dur.
Horlanmak.
Ylgamakdan ýa-da gahar-gazandan ýaňa çalt -- çalt dem almaklyk.
Ol içi-içine sygman, zordan gürledi.
Gaty ajykmak.
Ol haçan içi gorlandan soň öýüne gaýdyp gelýärdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Bir zadyň esasy bölegini, köp essesini almak.
Bir zadyň ahmyryny edip, gaharlanyp ýörmek.
Gaty üşemek, ýiti täsir etmek.
Aýan etmezlik, syr bildirmezlik.
Bir zada geň galmak, haýran galmak zerarly demiňi içiňe dartmak.
Aýallar ol habary ilki eşidenlerinde, içlerini çekdiler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ynjalyksyzlanmak, howlukmak, gyssanmak.
Onuň şu wagt içini it ýyrtýandyr. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Edeýin diýip, ýören zadyňy edip, ahmyrdan çykmak, keýpden çykmak.
Ony öz edeninden hem artygrak edip aldadyp şeýdip hem içimi sowatdym -- diýdi.
Birinden ýa bir zatdan aldanmak.
Zadyňy ogurladyp, zadyňy giderip we ş. m. ýagdaýda gynanmak, gaty nebsiň agyrmak.