hyrç

hyrçyňy dişlemek

Ahmyr çekmek, ökünmek, gahar-gazap bildirmek.

  • Märeke suw sepilen ýaly dymýar, hyrçlar dişlenýär. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Güýç görensoň, kelle ýaýkap, Pugta hyrçyn dişledi. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

  • Hyrçyny dişläp, kellesini ýaýkady. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)