hynçgyrmak işlik

  1. Aňňyrjak ýaly edip çala ses çykarmak, sojamak (eşek hakda).

    • Gandym awçynyň howla girenini görüp, sygyr-goýunlar hantamaçylyk bilen dyzynyşdylar, eşek hynçgyrdy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Daňylgy duran eşek bolsa öz ýanyna barylmadygy üçin kemsinýän ýaly hynçgyrdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  2. Göçme manyda Demini içine çekip, içigip aglamak, demi içine sygman demigip aglamak.