hyşalyk hy‧şa‧lyk

Hyşanyň köp biten ýeri, hyşanyň köp gögeren ýeri.

  • Içinde şagallar uwlaşýan hyşalyklary ýok edip, aňyrsyna göz ýetmeýän kartalar çekdik. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

  • Gaýramyzdaky hyşalyk jeňňelde şagallar gygyryşýardy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  • Dostlar hyşalygyň içi bilen ep-esli ýöräp derýanyň boýuna çykdylar. (N. Jumaýew, Syrly gala)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem hyşalyk - hyşalygy.


Duş gelýän formalary
  • hyşalygyň
  • hyşalykda
  • hyşalyklary