hyýar hy‧ýar

[hyýa:r]

Süýrümtik gök hasyly bolan bakja ösümligi we onuň hasyly.

  • Serdaryň uzadan turşy hyýaryny waryşdadandan soň, Kelhanyň bogazy biraz giňedi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Pomidory, kelemi, hyýary, gijiräk iýäýeris! -- diýip, ýeňsesini tüňňertdi. («Tokmak» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • hyýara
  • hyýarda
  • hyýardan
  • hyýarlar
  • hyýarlary
  • hyýarlaryny
  • hyýarly
  • hyýary
  • hyýaryny
  • hyýaryň
  • hyýaryňky