hyýanatçylyk

[hyýa:natçylyk]

Hyýanatça has bolan häsiýet, erbetlik, zyýan ýetirijilik, ýamanlyk.

  • Nazar çarynyň goşaryndan şapba tutagada: -- Seniň bu edýän işiň hyýanatçylyk dälmi?! -- diýdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem hyýanatçylyk - hyýanatçylygy.


Duş gelýän formalary
  • hyýanatçylyga
  • hyýanatçylygy
  • hyýanatçylygyndan
  • hyýanatçylygyny
  • hyýanatçylygyň
  • hyýanatçylykda
  • hyýanatçylykdan
  • hyýanatçylyklar
  • hyýanatçylyklardan
  • hyýanatçylyklary
  • hyýanatçylyklaryny
  • hyýanatçylyklarynyň
  • hyýanatçylyklaryň
  • hyýanatçylykly