hyýanatçy at

[hyýa:natçy]

Hyýanat edýän, hyýanatçylyk, erbetlik edýän adam.

  • Näme, men bular hyýanatçydyrlar diýip, hiç aýdyp bilmen -- diýdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Eýranyň aryny-namysyny bu hyýanatçylardan goramak üçin geldim. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)


Duş gelýän formalary
  • hyýanatça
  • hyýanatçydyrlar
  • hyýanatçylardan
  • hyýanatçylyga
  • hyýanatçylygy
  • hyýanatçylygyndan
  • hyýanatçylygyny
  • hyýanatçylygyň
  • hyýanatçylyk
  • hyýanatçylykda
  • hyýanatçylykdan
  • hyýanatçynyň