hyýallanmak işlik

[hyýa:llanmak]

Bir işi ýa-da bir zady ýerine ýetirmäge hyýal etmek, hyýala münmek, ýürege düwmek.

  • Artyk sapançasyna ýapyşyp, ony atmaga hyýallandy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ussa jan, «eliň-gözüň dert görmesin» -- diýip, aýagyna galoşyny geýmäge hyýallandy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • hyýallanan
  • hyýallananda
  • hyýallananyny
  • hyýallanar
  • hyýallanaýsa
  • hyýallandy
  • hyýallandylar
  • hyýallandym
  • hyýallanma
  • hyýallanmagy
  • hyýallanmak
  • hyýallanmalary
  • hyýallanmasynyň
  • hyýallanyp
  • hyýallanypdy
  • hyýallanypdyr
  • hyýallanýan
  • hyýallanýar