hut

«Dogrudan-dogry, hakykatdan, tüýs, edil» diýen many aňladýan söz.

  • Arçynyň ýasawuly hut özüme kagyz getirip: --Seniň öý saldygyň şunça -- diýip, aýdyp gitdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Muny hut gyzyň enesinden-Nabatdan eşitdim. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem hut - hutum, hutuň.