husytlyk

[husy:tlyk]

Husyda degişli bolan, gylyk, häsiýet, gysgançlyk, gysyklyk.

  • Ýene biri: -- Bu husytlyk edip pul basýandyr, näme sen ony öleňde gabryňa alyp gitjekmi? ! -- diýdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Hytaý mama husytlykdan ýaňa kireýsiz kilim kakýan däldir. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem husytlyk - husytlygy.