husyt

[husy:t]

Jomart däl, gysganç, gysyk.

  • Emma bu baý gaty husyt ekeni. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

  • Husyt süýthor ökjäni göteripdir. («Mydam Taýýar» gazýeti)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem husyt - husydy.