hum

Daşy syrçaly ýa-da syrçasyz ullakan küýze, gap.

  • Men şu üzümlerimiň biriniň düýbünde bir hum tylla gömendirin. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem hum - humum, humuň.

hum ýaly çişmek

seret çişmek

  • Bu sada oglan bu söze ynanyp, hum ýaly çişen. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)