hoz

[ho:z]

Botanika Daşy gaty gabykly togalak miwe getirýän agaç we onuň miwesi.

  • Hoz agaçlary dumly-duşa öwşün atýar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Olaryň elinde kişde ýa-da hoz göräýdigi, bar ondan soň Taýlak hyzzynyň gözi açylýar. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  • Hoz agaçlary, ajaýyp ymaratlar daň sazyna görk goşýar. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  • Hem hoz gerek, hem hozuň mürrügi. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem hoz - hozum, hozuň.