howuz

Içinde suw saklamak üçin ýörite gazylyp bejerilen uly we çuň çukur.

  • Birnäçe düýp owadan garagaç howzuň üstüne saýa salýar. («Kolhoz günleri»)

  • Mekdep howuzlarnyň fontanlary hem, sesin goşýar, çagalaryň sesine. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem howuz - howzum, howzuň, howzy.