howur

Bir gyzgynlyk berýän jisimiň, ýanan zadyň töweregine täsir edýän güýçli ýylylyk derejesi.

  • Gündiziň gyzgyn howry sowlup, gije salkynlaşypdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Howry gaçan Gün özüni aşak goýberipdi sowlar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem howur - howrum, howruň, howry.