howsala at

Alada, dowul, biynjalyk, gorky, wehim.

  • Ol öz howsalasy bilen işinden hem bizar bolupdy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Muny görüp, howsala tapan Gurbandursun: -- Muny nirden tapdyň? -- diýip sorady. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

howsala basmak

seret howsala düşmek

  • Mähriban mugallym, ýüregim gysýar, Ýeke men bu ýerde, howsala basýar. (A. Kekilow, Söýgi)

howsala düşmek

Dowla düşmek, howp, gorky aladasy aralaşmak; ýüregiňi eliňe almak.

  • Seniň hiç howsala düşmegiň gerek zat däl! -- diýdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

howsala salmak

Gorka salmak, dowla salmak, aljyratmak, wehim salmak.

  • Barha güýçlenip barýan ýel olary howsala salypdy. (A. Gowşudow, Powestler We Hekaýalar)