howly at

Töweregine haýat aýlanan ýaşaýyş jaýy, ýer uçastogy.

  • Şirinleriň howlusy obanyň ileri başynda, çola ýerdedi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  • Kebap ysy kükäp howla dolanda, Göwünlerde gizlin göterim joşdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar y çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp u ýazylýar.

Meselem howly - howluda, howlular, howlusy.