howlukmak işlik

  1. Howlukmaç deprenmek, gyssagly ýagdaýa düşmek, gyssanmak.

    • Näme, beýle howlukdyň?! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Ol çörek bişirmek, nahar häzirlemek işine howlugýardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  2. Bisabyrlyk etmek, alňasamak.

    • Sabyr et, oglum, howlukma, basym bolar! («Görogly» eposy)

    • Oglan howlugar, tut wagtynda bişer. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem howlukmak - howlugýar, howlugar, howlugypdyr.

ajalyňa howlukmak

seret ajal

  • Eý goja, ajalyňa howlukmaýan bolsaň, gapydan aýryl! («Türkmen pýesalary»)