howaýy

[howa:ýy]

Biderek, boş, netijesiz, manysyz, ýalan (gep, gürrüň we ş. m. hakda).

  • Halnazar baý howaýy sözlere özüni aldyrmady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Awtoryň goşgulary çendenaşa howaýy ýazylypdyr. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Howaýy däldir sözüm. («Mydam taýýar» gazeti)


Duş gelýän formalary
  • howaýydy
  • howaýydyr
  • howaýylygy
  • howaýylygyna