hossarlyk

[ho:ssa:rlyk]

Hossar bolmaklyk, garyndaşlyk.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem hossarlyk - hossarlygy.

hossarlyk etmek

Biriniň tarapyny tutmak, arka durmak, kömek etmek.

  • Men Aýjemala öýlenemok, diňe oňa hossarlyk etdim. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Ömrüň ötýänçä saňa hossarlyk edeýin! («Sowet edebiýaty» žurnaly)