horukmak işlik

[ho:rukmak]

Bir zadyň ýetmezçilik etmegi zerarly horluk çekmek, hor düşmek, horlanmak.

  • Sürüleriň ýagdaýyny wagtal-wagtal barlap, horugan mallaryň wagtynda sürüden aýrylmagyny, olara sagaldyş punktlarynda ideg edilmegini kada girizmeli.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem horukmak - horugýar, horugar, horugypdyr.