horluk

[ho:rluk]

Durmuşda görülýän jebir, sütem, görgi, azap, zulum.

  • Ömrümde görmedik horlugymy gördüm. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Görogly bu horluga ýanyp-bişip, bir gazal aýdýar. («Görogly» eposy)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem horluk - horlugy.

horluk ýamanyny görmek

Gaty horlanmak, azar görmek.