horlamak1 işlik

Horruldyly seslenmek, uklap hor çekmek.

  • Mama gözenekde ýanyn gyşaryp, horlap ýatyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

horlamak2 işlik

[ho:rlamak]

  1. Arryklatmak, igletmek.

  2. Jebir, sütem etmek, görgi görkezmek, ezýet bermek, gynamak; ezmek.

    • Artygyň agyr ýagdaýyndan habardar Iwan Timofeýewiç ony ondan artyk horlamagy özüne uslyp bilmedi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Görüp dursuň ahyryn, ol arçyn obany nähili horlaýyn diýse horlaýar. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)