hor

hor çekmek

seret horlamak 1

  • Görse, ýoldaşy harmanyň kölegesinde arkan düşüp, hor çekip ýatyr. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Ol az salymdan soň hor çekmäge başlady. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýanlar)

hor 1 sypat

[ho:r]

  1. Sesimiz däl, arryk.

    • Bahar, sen syrkawlap dagy etdiňmi, ýüzüň ak tam-la, näme beýle hor?! (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Tagan aga düýäniň üstünde ýegşerip oturan hor aýalyny gördi. (B. Soltannyýazow, Kümüş)

  2. Ýaşaýyşda iýmekden, geýmekden we maddy taýdan ýetmezçilik çekýän, garyplykda ýaşaýan.

    • Özüňiz bolsa dört adam, sen işlemeseň gaty hor bolarsyňyz! -- diýdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem hor - horum, horuň.

hor düşmek

Iýmekden, geýmekden we maddy ýagdaýdan ýetmezçilik çekip, garyp düşmek, garyp ýaşamak.

  • Emma bolmady! Barha hor düşdük. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

hor 2

Aýdymly sazy bileleşip ýerine ýetirýän aýdymçylar topary, şonuň ýaly-da orkestr, aýdymçylar toplumy.

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem hor - horum, horuň.


Duş gelýän formalary
  • hora
  • horam
  • horda
  • hordadyr
  • hordan
  • hordugy
  • hordugyňa
  • hordum
  • hordy
  • horja
  • horjady
  • horlar
  • horlaram
  • horlary
  • horlaryny
  • horlaryň
  • horluga
  • horlugam
  • horlugy
  • horlugym
  • horlugymy
  • horlugymyzy
  • horlugyna
  • horlugyndan
  • horlugyny
  • horlugyň
  • horlugyňdan
  • horluk
  • horlukda
  • horlukdan
  • horrak
  • horumyň
  • horuna
  • horunda
  • horuny
  • horunyň
  • horuň
  • hory