hopba

hopba bolmak

Biriniň egninden ýapyşyp, arkasyna münmek, üstünde pugta orunlaşmak.

  • Aýna şonuň ýaly oýlar bilen meşgul bolup otyrka, Sonajyk dazyrdap geldi-de, arkasyna hopba boldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

hopba etmek

Birini egniňden ýapyşdyryp, arkaňa götermek.

  • Ýaralyny hopba edip, ýuwaş-ýuwaş süýşdi öňe. (R. Seýidow, Eserler)

  • Hopba edip arkasyna, baýyrlyga gadam urdy. (Çary Aşyr, Poemalar)