hop

  1. «Bolýar, ýagşy, lepbeý» diýen many aňladýan jogap sözi.

    • Hop, hop Emin aga! (A. Gowşudow, Eserler)

  2. Ahmyr etmek, hyjuw saklamak, ökünmek ýaly many aňladýan söz.

    • Hop, bolýar-da! Sen, däli, ahyrynda meniň elime düşersiň! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  3. Agyr ýüki göterjek bolanyňda ýa-da kyn işi ýerine ýetireniňde, güýç jemlenip aýdylýan söz.

    • Kelläm gyrawlapdyr, agardy saçym, ýerimden turamda, «hop» diýip galdym. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Hop! -- diýip üç ýaşçigi göterip ýerinden galdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem hop - hopum, hopuň.