hol

«Ol, holha, honha, hona, ho, şol» ýaly many aňladýan görkezme çalyşmasy.

  • Eger meniň çenim çen bolsa, hol ýogyn agaçda meniň tagmam bardyr. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Hol görünýän beýik gerşiň üstünde biziň araçäk belgimiz bar. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem hol - holum, holuň.