hojaýyn

  1. Bir zadyň eýesi, bir zada eýelik edýän, eýe.

  2. Hojalygy we hojalyk işlerini ýöredýän adam.

    • Seniň habaryň ýok, öýüň hojaýyny indi Aýnadyr. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Tygşytly hojaýyn.

  3. Aga, hökümdar.

  4. Göçme manyda Doly hukukly hökümdar, ýurt eýesi.

    • Sowet adamlary öz ýurdunyň hojaýynlarydyr.

  5. Gepleşik dili Ýüz tutulyp aýdylýan söz.

    • Hojaýyn, Kaşgar çaýyny bermeseň boljak däl! (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  6. Gepleşik dili Är.

    • Meniň hojaýynym maňa altyn sagat alyp berdi.