hoşwagt

Wagty hoş, örän hoşal, keýpi kök, göwni bitgin, hoşnut, hoşal.

  • Är-heleý ikisi iki ýerden: -- Maşgalamyzy hoşwagt etmek biziň arzuwymyz! -- diýişdiler. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Momom gyrasy eýerlenen gapyrjaga örän hoşwagt bolan ýalydy, gaty mylaýym ýylgyryp, öz hoşallygyny bildirdi. (L. N. Tolstoý, Eserler)