hoştap

[hoşta:p]

Jana ýaramly, mylaýym, ýakymly.

  • Bu gijeler islän işiň edere, Aý şeýle aýdyňdy, howa hoştapdy. (R. Seýidow, Eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem hoştap - hoştaby.