hoşnutlyk

[hoşnu:tlyk]

Könelişen söz Keýpi köklük, wagtyhoşluk, şat göwünlilik.

  • Aýsoltan şondan soň ýene öňki keşbinde, ýene öňki hoşnutlygynda gadam urdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Aýdym-saz hoşnutlygyň alamatydyr. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem hoşnutlyk - hoşnutlygy.