hoşluk

Keýpi köklük, hoşwagtlylyk, razylyk, minnetdarlyk.

  • Agyr hasratda geçip ýaşlygy, Tapmandy durmuşdan göwnühoşlygy. (A. Kekilow, Söýgi)

  • Ol, Azerä göwnühoşluk bilen garap, ýüregindäkini beýan etdi. (G. Kulyýew, Köpetdagyn Aňyrsynda)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem hoşluk - hoşlugy.