hoşlaşyk

«Sag bol» diýişmeklik, hoşlaşmaklyk.

  • Ol hem biziň gulagymyza soňky gamly hoşlaşyk bolup eşidildi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Hoşlaşyga wagt ýetdi şol zaman. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem hoşlaşyk - hoşlaşygy.