hoşamaýlyk

[hoşama:ýlyk]

Mylaýymlyk, ýakymlylyk, mylakatlyk, mähirlilik.

  • Keýgim, men raýona barýaryn! -- diýip, hoşamaýlyk bilen jogap berdi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  • Onuň bilen bu jaýa bir täzelik, tükeniksiz hoşamaýlyk gelip doldy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem hoşamaýlyk - hoşamaýlygy.