hoşallyk

[hoşa:llyk]

Birinden ýa-da bir zatdan göwni bitginlik, göwni hoşluk, razylyk, minnetdarlyk.

  • Aýnany-da Artygyň hoşallygy şatlandyrýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Poltoraskiý başyny galdyranda, gapyjykdan Alýoşanyň janly gözlerine gözi düşdi, hoşallyk bilen ýerinden galdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem hoşallyk - hoşallygy.