hoşa1

[ho:şa]

Arpa, bugdaý ýaly ekiniň hasyly ýyglanda dökülip, gaçyp galýan baş.

  • Ol garry enesi bilen kiçijik aýal doganynyň arly tomus diş-dyrnak bolup hoşa çöpläp edinen bugdaýjyklaryna-da el gatyp başlady. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Orakdan soň hoşa. (nakyl)

hoşa2

[ho:şa]

Üzümiň tutuş bir salkymy.

  • Üzüm hoşalary biri-birine çaknyşýar. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)