hoş

  1. «Bolýar, ýagşy» diýen many aňladýan jogap sözi.

    • Hoşuň atasy ölmändir. (nakyl)

  2. Gowy, mazaly, ýagşy, ýakymly, ýaramly, mylaýym.

    • Garaderwüş hoş görnüşli ýigit. (K. Işanow, Watan Üçin)

    • Bir günüm-hoş günüm. (nakyl)

  3. Hoşlaşylanda «sag bol» diýen manyda aýdylýan söz.

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem hoş - hoşum, hoşuň.

hoş geldiňiz, sapa geldiňiz!

Hoş niýet bilen myhman garşylananda aýdylýan aňlatma.

hoş ýakmak

Ýakymly, mylaýym görmek, oňat heser etmek.

  • Ter gülleriň ysy hoş ýakýar jana. (N. Omadow, Wagt Güneşi)