hiňlenmek işlik

Aýdymyň sözlerini eşidiler-eşidilmez aýdyp, çalajadan heň etmek, ýuwaşjadan aýdym aýtmak, hiňňildemek.

  • Ol at aýagynyň tabyrdysyna goşup hiňlendi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Garlynyň uly ogly düýe etiniň gaýnatmasyndan garnyny dolduryp, ýuwaşja aýdyma hiňlenýärdi. (A. Gowşudow, Powestler We Hekaýalar)