hiňňildik

Ýörite dikilen iki agaçdan ýa-da bagdan ýüp asylyp uçulýan bat.

  • Her şahadan ýüp salyp, hiňňildik asaýmaly. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem hiňňildik - hiňňildigi.

sakgalynda hiňňildik uçmak

seret sakgal

  • Edil sakgalyňdan hiňňildik uçaýaryn. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)