hiç ýokluk çalyşmasy

[hi:ç]

  1. «Düýbünden, asyl, asla» diýen many aňladýan ownuk bölek.

    • Ol günler hiç wagt ýatdan çykmajak günlerdi. (A. Gowşudow, Eserler)

  2. Biderek, peýdasyz, netijesiz, boş, puç.

    • Hiçden giç ýagşy. (nakyl)

hiç kim

seret kim

  • Ýok, onuň zwenosyndan hiç kimiň habary ýok. (B. Gurbanow, Duşuşyk)