hezillik

Şatlykly, şagalaňly ýagdaý, göwün açyjylykly ýagdaý, keýp.

  • Gör, nähili hezillik! (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Baý, bu gün hezillik boldy-ow! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Bu ýeri örän hezillik, tükel deň-duş ýigitler. (Ş. Kekilow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem hezillik - hezilligi.