hezil

Örän oňat, diýseň gowy, gyzykly, şatlykly, ajap, şagalaňly, keýpli, mazaly.

  • Ajap hoş sapaly häzil çagymyz, Güller ysyn seçsin diýip ýaz geldi. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)

  • Gurt bolsa bu gürrüňleri pugta diňleýär, kä ýerinde hezil edip gülýär. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

hezili gaçmak

  1. Sähelçe bölegi galmak, gutaryp barmak, azalmak.

    • Gawun hasylynyň hezili gaçypdy.

  2. Topdan düşmek, haly gaçmak, haly peselmek, essi aýylmak (hassa hakda).

    • Onuň gün-günden hezili gaçýar.

hezilini almak

Mazasyny gaçyrmak, ugruny gaçyrmak, aljyratmak.

  • Dagy-duwara biziň gapymyza köw salaýsaň, heziliňi alaryn! -- diýip, onuň yzyndan hemle urdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

heziliň gaçmak

Tapdan düşmek, halyň gaçmak, essiň aýylmak; Bir meselede, sözde basylyp, ugruň bolmazlyk.