hereketlenmek işlik

Herekete gelmek, hereket etmek, gymyldamak.

  • Hatyja onuň öňünde çyna berimsiz hereketlendi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  • Wüşi kel indi bütin göwresi bilen hereketlenip: -- Şeýle diýsene, hut şunyň dogrudyr! -- diýip, Ýelliniň sözüni tassyklady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)