hereket at

  1. Bir zadyň täsiri netijesinde ýüze çykýan gymyldy, predmetiň asuda halda durmadyk ýagdaýy.

    • Şol wagt «daşyny guşaň» diýen yşaraty görkezýän el hereketi boldy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Suwçynyň ýeke heňi däl, hereketi hem kesildi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  2. Belli bir ugur, tarap boýunça gid, ýörüş, öňe baryş.

    • Iňlisleriň Maşatda hem Eýranyň başga ýerlerinde duran goşunlary Zakaspi frontuna baka herekete başladylar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  3. Filosofiýa Materiýanyň ýaşaýyş täri, maddy dünýäniň birsyhly dyngysyz üýtgäp duruş we ösüş prosesi..

  4. Göçme manyda Belli bir maksady gözöňünde tutýan, yzarlaýan jemgyýetçilik .

  5. Mukdar we hil taýdan üýtgeý, ösüş.

    • Herekete-bereket. (nakyl)

herekete gelmek

Ýöräp, hereket edip başlamak, ýöräp ugramak.