her her sypatlyk çalyşmasy

Özünden soňky gelen sözi aýyklap gelýän ownuk bölek.

  • Onuň her daban ýeri üçin janymy bermäge häzir. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Tejeniň her düýp ýylgyny saňa garanda, meniň üçin has gymmadrak. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

her kes

seret kes

her kim

seret kim

  • Her kim munuň manysyna düşüner, eger azdan-köpden bolsa akyly. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

her niçik

Her näme, her hili, garaz.

  • Her niçik-de bolsa, doktoryň aýdanlaryndan soň onuň göwni teselli tapdy we ol ýazan hatyny atman saklandy. (A. Gowşudow, Eserler)