hepbesiz hep‧be‧siz

Edýän işini başarmaýan, bihepbe, bikemal, bolgusyz, peýdasyz.

  • Şol oýuň yzysüre bolsa: --Erni suwly hepbesiz -- diýip, özüne igenýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Operator täze şägirdiniň gylygyna haýran galdy: --Men muňa näçe nakyl okasam hem, bu maňa näçe şelaýyn söz ursa-da, özüniň hepbesiz prinsipine eýerip, meni «dädeden» hem geçirip, «ata» eltdi -- diýip oýlandy. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)